Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

2025-03-11 | 1671
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky bilim babatda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 11-ine Türkmenistanyň Bilim ministrliginde (Aşgabat şäheri) British Education Network (BEN), University of London hem-de AD Education UK-nyň Direktorlar geňeşiniň başlygy professor Dewid Beýkeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde geçirilen bu duşuşyk türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini hem-de hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda 2024–2025-nji ýyllarda bilelikdäki amala aşyrylan taslamalaryň netijeleri, şol sanda şu aşakdakylar ara alnyp maslahatlaşyldy:

• Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerinde (THE Impact Rankings 2024, UI GreenMetric World University Ranking) ýokary baha almagy;

•Accelerating English Language Learning in Central Asia taslamasynyň çäklerinde iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullary boýunça okuw seminarlarynyň üstünlikli geçirilmegi;

• Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen onlaýn maslahatlaryň geçirilmegi.

Britan wekiliýeti British International University Turkmenistan-y döretmek boýunça taslamalary we London uniwersitetiniñ baý tejribesi barada giňişleýin maglumatlary hödürledi. British Education Network platformasy we 17 sany meşhur kolleji öz içine alýan, 40 ýurduň 100-den gowrak hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk edýän London uniwersitetiniň tejribesi hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk esas bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu başlangyçlaryň bilim ulgamynda tejribeleriň alyşylmagy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okaň:

Turkmenportal

orient.tm