Dabaraly çäre geçirildi

2025-03-05 | 427
Dabaraly çäre geçirildi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli zenan mugallymlara, işgärlere we talyp gelin-gyzlara Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň gowşurlyş dabasy geçirilidi. Dabaranyň dowamynda zenanlary institutyň ýolbaşçylary tarapyndan birnäçe gutlag sözleri aýdyldy. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty