Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Hünärli el - gül eýlär” ady bilen üme dessury geçirildi
2025-03-05
| 549
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda milli mirasymyzy hem-de maddy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, ýaşlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, maşgala ojagyna wepalylygy, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek, maksady bilen, halkara zenanlar güni mynasybet Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda institutyň talyp gyzlarynyň gatnaşmagynda “Hünärli el-gül eýlär” ady bilen üme dessury geçirildi.