ENERGIÝA SERIŞDELERINIŇ YGTYBARLY WE DURNUKLY ÜSTAŞYR GEÇIRILMEGI DURNUKLY ÖSÜŞI WE HALKARA HYZMATDAŞLYGYNY ÜPJÜN ETMEKDE ORNY
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 3-nji martynda “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde orny” atly syýasy söhbetdeşlik teletomaşaçylara hödürlendi. Söbetdeşlige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suwhanow, uniwersitetiň mugallymlary Mekan Kakalyýew hem-de Meýrem Ýusupowa dagylar gatnaşdy. Söbetdeşligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewa alyp bardy.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde öňe sürýän ählumumy howpsuzlyk diplomatiýasynyň ähmiýeti, bu diplomatiýanyň ykdysady, energetika, azyk, ekologiýa howpsuzlygy gazanmaklygyň ýollaryny açyp görkezýänligi, howpsuzlygyň ähli görnüşleriniň biri-biri bilen berk baglanşykda bolýandygy hem-de bu ýerde energetika howpsuzlygynyň aýratyn ähmiýeti dogrusynda söhbet etdiler. Ýylyň ady – belent maksatlaryň myrady. Söbetdeşlige gatnaşyjylar dünýäň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.
Sapargulyýewa Jemal
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy