Dabaraly çäre geçirildi
2025-nji ýylyň mart aýynyň 3-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gatnaşyp, ýeňiji bolmagy mynasybetli «Dünýä şöhrat-şan sen, türkmen bedewi» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Şeýle hem okaň: orient.tm