Nobatdaky üstünlik

2025-02-28 | 507
Nobatdaky üstünlik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň taryhyna täze sahypalar yzygiderli täze üstünlikler bilen ýazylýar. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, abraýly orunlary eýelemäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar. Türkmen sporty ýokary ösüşlere eýe bolýar.

“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurtda alyp barýan esasy syýasatlarynyň biri sporty we bedenterbiýäni ösdürmekdir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriniň netijesinde gazanylýan üstünlikleri bilen Watanymyza şan getirýän türgenlerimiziň görkezijileri her birimizi buýsandyrýar. Muňa ýokary okuw mekdebimizde – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde bilim alýan ýaşlaryň hem şärik bolýandyklaryny bellemelidiris.

2025-nji ýylyň 23-27-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň Kik-boks görnüşi boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Bu ýaryşda biziň ýokary okuw mekdebimiziň Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Rahmanow Aýmyrat 63,5 kg agram derejesinde hem-de 1-nji ýyl talyby Mämmedow Begler 60 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldular.

Ýaşlaryň sportda täze belentliklere ýetmegi, gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagy babatda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.