Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Talyp gözel – 2025” bäsleşigi geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde fewral aýynyň 26-na Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Talyp gözel – 2025” bäsleşigi geçirildi.
Hormatly prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynşy döwründe talyp gyzlaryň iş başarnygyny, ugurtapyjylygyny,ruhubelentligini, buýsançlygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyrynda gatnaşan talyp gyzlar üstünlikli çykyş edip mynasyp orunlara eýe boldular.
Uniwersitetiň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy
O.Ýazhanowa