Dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 27-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli “Bitaraplyk taglymaty: ynanyşmagyň we gülläp ösüşiň binýady” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda Bitaraplyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we Bitaraplygyň beren miweleri we onuň ähmiýeti dogrusynda, ýylyň nyşanyndaky her bir şekiliň aňladýan manysy dogusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty