“Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

2025-02-27 | 624
“Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Halkara zananlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yglan eden “Talyp gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşiginiň institut tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige Energo-tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Hudaýberenowa Aýgül, Senagat-tehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ataýewa Aýgözel, Kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hojaniýazowa Merjen, Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gurbanowa Aýnur, Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kurdowa Aýnur düzgünnama laýyklykda 3 şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Sanly ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kurdowa Aýnur üstünlikli çykyş edip, baş baýraga mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty