Uniwersitetiň talyplary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilýän ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşyp altyn medallara mynasyp boldular

2025-02-27 | 327
Uniwersitetiň talyplary Indoneziýanyñ Malang şäherinde geçirilýän ýaşlaryñ 5-nji Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşyp altyn medallara mynasyp boldular

5-nji Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigine türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Has takygy, uniwersitetiň mugallymy Atamyrat Altyýewiñ ýolbaşçylygynda uniwersitetiñ 3-nji ýyl talyby Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we 2-nji ýyl talyby Aýmyrat Halnazarow Senagat galyndy materialyndan ýaşyl sement almagyñ ylmy esaslary atly ylmy iş bilen Türkmenistandan wekilçilik edip, şu aşakdaky netijeleri gazandylar:

  • Daşky gurşawy goramak ylmy kategoriýasy boýunça 1-nji orna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.
  • Malaýziýanyň ýaş alymlar organizasiýasynyň (MYSO) 2025 gowy ylmy iş üçin Ýörite baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.
  • Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiýasynyň (IYSA) iň gowy ylmy iş üçin “semi grand award” baýragyna, ýagny altyn medala mynasyp boldular.

Ýaşlaryñ Halkara ylym sergi (YISF) bäsleşigi  jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, ýaşaýyş ylmy, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly bäş ugur boýunça geçirilip, 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.

Bu Halkara bäsleşik Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy tarapyndan guralyp, onuň çäklerinde dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň gelejegi maslahatlaşylýar, ylmyň we tehnologiýanyň gelejegine täsirini ýetirip biljek alymlaryň we inženerleriň ýeten üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Halkara bäsleşik oňa gatnaşyjylar üçin ylmy işleri bilen tanyşdyrmak we bu ugurdaky halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle-de bilim we innowasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmek üçin amatly meýdança boldy.

Bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistan, Indoneziýa, Awstriýa, Hytaý, Gazagystan, Fillippin, Günorta Afrika, Meksiko, Gonkong, Saud Arabystan, Günorta Koreýa, Özbegistan, Taýland, Birleşen Arap Emirlikleri, Bangladeş, Eýran, Ruminiýa, Braziliýa, Türkiýe, Singapur, Wýetnam, Amerikanyñ Birleşen Ştatlary, Hindistan we Malaýziýa ýaly dürli ýurtlaryň gatnaşyjylary durnukly ösüş, daşky gurşawy goramak we täze tehnologiýalaryň ösüşi ýaly global meseleleriň çözgüdine gönükdirilen innowasion ylmy işleri bilen tanyşdylar.