Okuw maslahaty geçirildi

2025-02-26 | 335
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine “Himiýa we himiýa tehnologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda Durnukly ösüşiň “Arassa suw we arassaçylyk” we  “Gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak” maksatlarynyň çäklerinde “Sagdyn gurşaw – abadan ýaşaýyş” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatda“Ekologiýa terbiýesi – sagdyn durmuşyň gönezligi”, “Arassa gurşaw – sagdyn ýaşaýyş” we “Tebigat – biziň öýümiz” ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty