Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeldilýär

2025-02-26 | 606
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeldilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy bilen 2025-nji ýylyň 24–25-nji fewraly aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Mogan syýahatçylyk we tehnik Anadoly liseýiniň edara binasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Hökümetara Türkmen-Türk Geňeşiň nobatdaky 4-nji duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen duşuşykda, iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda bilim babatda gazanylan nusgalyk tejribeler aýratyn bellenilip geçildi. Soňra «Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasy, şeýle hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdebi üçin ýer bölegini ýa-da döwrebap binany bermek meselesi maslahatlaşyldy.

Bu Geňeşiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Milli Bilim ministri Ýusuf Tekin öz ýurdunyň bilim ulgamynyň esasy ugurlary we gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy J.Gurbangeldiýew bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylan üstünlikler we geljekki meýilnamalar barada giňişleýin gürrüň berdi.

Bilelikdäki geňeşiň dowamynda türkmen tarapy bilim babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, tejribe alyşmak, sanly bilim, robototehnika we maglumat tehnologiýalary boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de iki ýurduň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda edebiýaty, taryhy we medeniýeti öwretmegiň täze usulyýetlerini işläp taýýarlamak meselelerini öňe sürdi. Şeýle hem sanly bilim hem-de «emeli aň» tehnologiýalary boýunça tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek; Türkiýe Respublikasynyň hünär ugurlaryna ýöriteleşdirilen mekdepleriniň işini öwrenmek; bilelikdäki bäsleşikleri we okuw taslamalaryny durmuşa geçirmek, innowasion okuw esbaplaryny ornaşdyrmak, täze usulyýetleri işläp taýýarlamak, şeýle-de halkara test ulgamlary bolan PISA, TIMSS we PIRLS bahalandyrmasy boýunça tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türk tarapyna hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda ussat şahyrymyzyň döredijiligini türk ýaşlaryna öwretmegiň gerimini has-da giňeltmek baradaky teklipler hödürlenildi.

Türkmen-türk bilim hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen bu duşuşyk, iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.  Iki tarap hem öňe sürlen başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin degişli çäreleri görmek barada ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okaň:

1 Millî Eğitim Bakanlığı

2 barinajans.com

3 dha.com.tr

4 haberturk.com