Baýramçylyk dabarasy geçirildi

2025-02-26 | 316
Baýramçylyk dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 25-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Baýramyňyz gutly bolsun, zenanlar!” atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty