Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Okuw bölüminiň gurnamagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň “Ýokary hilli bilim” ugruna esaslanyp, professor-mugallymlarynyň arasynda “Tehniki ýokary okuw mekdeplerinde talyplara nazaryýet bilen tejribeligi utgaşdyryp öwretmegiň ähmiýeti” atly okuw-usulyýet maslahaty geçirildi.Maslahatyň dowamynda Elektrik stansiýalary kafedrasynyň mugallymy B. Tirkişowyň “Talyplara okuw-önümçilik tejribeligini geçmekligiň ähmiýeti” temasy boýunça we şol kafedranyň mugallymy Ş.Berdiýewiň “Tejribe sapaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti” atly temasy boýunça çykyşlary diňlenildi. Çykyşlar okuw-usuly maslahata gatnaşýan mugallymlar üçin has-da täsirli boldy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty