«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi

2025-02-21 | 523
«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2025-nji ýylyň  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi açyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» wasp edýän talyp ýaşlaryň ajaýyp eserlerini synlamaga  Aşgabat şäheriniň mekdebe çenli çagalar bagynyň körpeleri hem-de orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary özleriniň terbiýeçileri we mugallymlary bilen gatnaşdylar.

Sergide çagalara we mekdep okuwçylaryna 2025-nji ýylyň  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň many-mazmuny düşündirildi. Şeýle-de, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk we Abadançylyk binalarymyzyň  şekil taslamalarynyň üsti bilen mukaddesliklerimiz barada çagalara gyzykly gürrüň berildi. Sergide görkezilen parahatçylygy, asudalygy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän sungat eserleri ýaş nesillerimizde uly täsir galdyrdy. Körpeler we mekdep okuwçylary öz buýsançlaryny türkmen, rus, iňlis, fransuz, nemes dillerinde goşgular bilen  beýan etdiler.

«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň açylan  döredijilik sergisi çagalarda we okuwçylarda ýatdan çykmajak pursat bolup, olaryň edep-tertibine, gowy okamaklaryna, parahat dünýämiziň waspçylary bolup terbiýelenmeklerine täsir etjekdigi bizi diýseň buýsandyrýar.

«Ak kepderi – parahatçylygyň ilçisi» atly zehinli talyplaryň döredijilik sergisi nesillerimizi watansöýüjilik, jebislik, agzybirlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli mekdep bolup durýar.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy