Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyp gyzlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, millilik, maşgala mukaddesligi, arassa ahlaklylyk, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzywasp edýän birnäçe aýdymlary diňlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty