Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyna bagyşlanan olimpiadanynyň netijeleri jemlendi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyna bagyşlanan olimpiadanynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu olimpiada, halkymyzyň şöhratly taryhy we döredijilik mirasy barada özboluşly maglumatlary öz içine alýan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda internet arkaly Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserine bagyşlanyp geçirilen olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň ylmy pikir alyşmalaryny guramaga we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bäsleşiginiň resmi iş dili hökmünde iňlis dili kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinden 200-den gowrak talybyň gatnaşan olimpiadasy hususy görnüşinde geçirildi.
Olimpiadanyň netijelerine laýyklykda, Halkara ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmen döwlet maliýe instituty talyplar has oňyn netije görkezdiler.
Onlaýn arkaly geçirilen intellektual bäsleşigiň ýeňijilerine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň adyndan degişli diplomlar gowşuryldy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti
Şeýle hem okaň: Turkmenportal