Türkmen Ilçisi Kataryň Gümrük gullugynyň başlygy bilen duşuşdy

2025-02-13 | 159
Türkmen Ilçisi Kataryň Gümrük gullugynyň başlygy bilen duşuşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Gümrük gullugynyň başlygy Ahmed bin Abdullah Aljamal bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Ilçi ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30-ýyllygynyň giňden belleniljek senesi bolan, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýilip yglan edilmegi bilen giňden tanyşdyrdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplaryň arasyndaky Gümrük ulgamynda alnyp barylýan işler hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.