Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

2025-02-13 | 385
Okuw-usulyýet maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň fewral aýynyň 12-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäginde «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly täze taslamany tanyşdyrmak bilen bagly, professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda täze taslama bilen tanyşdyryldy. Täze taslamanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, daşky gurşawy goramak meselelerinde orny, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilimiň ähmiýetini we mazmunyny baýlaşdyrmak hem-de hilini dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada çykyşlar diňlenildi.  

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty