Wagyz-nesihat duşuşygy
2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dabaralar zalynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda, ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleri güýçlendirmek maksady bilen talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan nogsanlyklardan olaryň daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, milli däp-dessurlarymyz barada birnäçe çykyşlar diňlenildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty