2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji sapagy geçirildi
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarymy başlandy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň II ýarymynyň ilkinji sapagy 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyryldy. Okuw sapagyň dowamynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi barada, 2025-nji ýylyň nyşanda ýerleşdirilen her bir şekiliň many-mazmuny barada, her bir täze ýyla dakylýan atlaryň halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy barada talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berildi. Institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty