Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Hakaton bäsleşigini geçirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudak edaralaryny sanlylaşdyrmagy ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliligini ygtybarly aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” ugur alnyp Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti “Etut.developer” ady bilen 2025-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda kiberhowpsuzlyk boýunça hakaton bäsleşigini geçirmegi meýilleşdirýär.