Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Hindistanyň abraýly ýokary okuw mekdebinde geçirilen halkara seminarda çykyş etdi
Hindistan respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Çennaý şäheriniň Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-si we fewral aýynyň 18-i aralygynda geçirilýän "Strengthening Technical & Vocational education and training systems to meet the sustainable development goals of the United Nations" atly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömekow Kömek şu ýylyň 7-nji fewralynda Hindistanyñ abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynda geçirilen halkara seminara gatnaşdy. Halkara seminarda K.Kömekow ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler we bu ugurda döredilýän mümkinçilikler barada çykyş etdi. Seminaryň netijleri boýunça K.Kömekowa Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynyň rektory tarapyndan sertifikat we sowgat gowşyryldy.
ITEC Hindistan Respublikasynyň hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy 1964-nji ýylda esaslandyrylan iň baýry bilim edaralarynyň biri bolup, ol halkara bilim mümkinçilikleri amala aşyrmaga niýetlenendir. Biziň ýokary okuw mekdebimiz ITEC maksatnamasy bilen 2023-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär we şu güne çenli institutymyzyň mugallymlarynyň 5-si bu ýerde hünär derejelerini ýokarlandyrdylar hem-de degişli sertifikatlary aldylar.
Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda (“Strengthening Tehnikal & Vocational Education & Training Systems To Meet the Sustainable Development Goalas of the United Nations”) maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän hünär ýokarlandyryş okuwlary, has öňe giden döwrebap bilim maksatnamasy bolup ol, tehniki we hünär bilim ulgamyny berkitmek, adam kapitalyny ösdürmek, döwrebap okuw maksatnamalaryny hem-de serişdelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.
Çennaý şäherindäki Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda häzirki wagtda geçirilýän okuw maslahatyna dünýäniň 25 döwletinden 30 sany wekiller gatnaşýar.
Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň Ylym bölüminiň başlygy