Halkara gatnaşyklary institutynda halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler

2025-02-03 | 236
Halkara gatnaşyklary institutynda halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ne gibrid formatda «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyny geçirmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerimiziň mugallymlarynyň häzirki zaman usullarynyň ulanylyşy barada özara tejribe alyşmagy üçin bu okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýarys!

Maksatlary:

- 2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň başlanmagy bilen, ýaş nesle berilýän ylym-bilimiň hilini gowulandyrmak;

- Türkmenistanyň ýokary, orta hünärmen okuw mekdeplerinde öwredilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň hilini gowulandyrmak babatynda okatmagyň usulyýetini guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, okuw-usulyýet nukdaýnazardan has-da kämilleşdirmegi, şeýle hem, daşary ýurtlardaky hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek;

- halkara hyzmatdaşlygy netijesinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin dünýä ylmynda işlenip taýýarlanylan täze usullary iş ýüzüne geçirmek;

- mugallymlaryň daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärlerini we usullaryny ulanmak endiklerini kämilleşdirmek;

- özara tejribe alyşmak arkaly dil öwretmekde başarnyklaryny ösdürmek.

«Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we olary öwretmegiň işjeň we innowasion usullaryny peýdalanmagyň tärlerine bagyşlanan temalarda çykyş etmek meýilleşdirilýär.

Reglament: 5-7 minut.

Maslahat: türkmen, iňlis, rus, nemes dillerinde geçiriler.

Bu halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşmaga isleg bildirýän mugallymlar saýlap alan temasy boýunça çykyşyny we degişli maglumaty nusga laýyklykda dolduryp 2025-nji ýylyň 15-nji fewralyna çenli tdimddk@gmail.com elektron-salga, guramaçylyk toparynyň garamagyna ugratmaly.

Nusga:

Çykyş etmek üçin saýlanyp alnan temalar boýunça mugallymlaryň hasaba alnandyklary baradaky maglumat mugallymlaryň elektron salgylaryna 23-nji fewrala çenli ugradylar.

Halkara okuw-usuly maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda 28.02.2025 senede sagat 14:00-da başlanýar (Aşgabat wagty).

ZOOM salgysy:

https://us02web.zoom.us/j/87969838216?pwd=13nt3QpzWZa6LTArbX05iVloFsmMQL.1 Идентификатор конференции: 879 6983 8216

Код доступа: 623618

Habarlaşmak üçin:

Tel:+993 61201906

E-poçta: tdimddk@gmail.com