Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
2025-01-23
| 219
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda, ýurduň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.