Usulyýet maslahaty geçirildi

2025-01-21 | 380
Usulyýet maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 21-ine “Himiýa we himiýa tehnologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň çäklerinde “Himiýa dersini okatmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” atly usulyýet maslahaty geçirildi. Usulyýet maslahatda  “Himiýa ylmy we döwrebap çözgütler”, “Himiýa dersinde sanly ulgam”, we “Himiýa dersini okatmagyň döwrebap usullary” ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.