Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek: Kowentri uniwersiteti bilen geçirilen onlaýn maslahaty

2025-01-17 | 714
Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek: Kowentri uniwersiteti bilen geçirilen onlaýn maslahaty

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Kowentri uniwersiteti bilen Türkmenistanyň bilim ulgamyndakynyň wekilleriniň arasynda onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdylar. Duşuşyk mähirli salamlaşmak bilen başlandy. Ilçi Konlon we Halkara bilim bölüminiň başlygy hanym Sarah Çidgeý, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ylym-bilim we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar. Türkmen tarapynyň wekilleri iki ýurduň arasynda bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň berk binýadyna üns çekdiler. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygyna syn berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar talyp alyş-çalyşygyny, bilelikdäki gözleg başlangyçlaryny we bilim maksatnamalaryny kämelleşdirmek babatynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrendiler. Kowentri uniwersitetiniň işewürligi ösdürmek boýunça müdiriniň orunbasary jenap Kristofer Taggyň çykyşy has gyzykly boldy. Jenap Tagg, Kowentri uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny beýan etdi, ýokary okuw mekdebinde dowam edýän hyzmatdaşlygyň üstünlikleri barada gürrüň berdi we ýurdumyzyň bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň täze ýollaryny teklip etdi. Netijeli geçen bu duşuşyk iki tarapyň hem ylym-bilim çygrynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.  Şuňa meňzeş bilelikdäki işler akademiki tejribäni baýlaşdyrmaga, medeni gatnaşyklary ýokarlandyrmaga we ýokary bilimde innowasiýalary ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bu möhüm çäräniň bir bölegi bolany buýsandyryjy waka bolup, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda akademiki bileleşige peýdaly global hyzmatdaşlygy berkitmäge ygrarlydygyny görkezýär.