Türkmen ýaş zehinleriniň Bütindünýä innowasiýalar bäsleşiginde üstünlikli çykyşy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz ähli ulgamlarda uly ösüşlere beslenýär, şol sanda, milli bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere ýetilmegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn ruhubelent, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ruhubelent, berk bedenli, giň dünýä garaýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylymly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmen ýaşlary, mekdep Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri barada edýän atalyk aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Munuň şeýledigini bolsa, her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesiniň halkara derejesinde geçirilýän bilim, taslama we dürli halkara internet bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerinde görmek bolýar. Türkmen ýaşlary bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny we ýaşyl Tuguny belende galdyrmagy başarýarlar.
Ýakynda sentýabr aýynyň 21-25-i aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala Lumpur şäherinde Indoneziýanyň ýaş alymlar assosiasiýasy we Malaziýa döwletiniň MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersitetiniň bilelikde guramagynda 6-njy Bütindünýä innowasiýa babatynda oýlap tapyş taslama bäsleşigi we sergisi (6th World Invention Competition and Exhibition, WICE) geçirildi.
Bu Halkara taslama bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanylan 4 okuwçy: Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Mergenow Oguzhan, 11-nji synp okuwçysy Ödemyradow Rahmanberdi, 11-nji synp okuwçysy Myratlyýew Kerimberdi we 10-njy synp okuwçysy Arslanow Aýhan öz taslama işleri bilen internet arkaly hasaba alnyp, bäsleşigiň jemleýji (final) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu topara mekdep-internatynyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew ýolbaşçylyk etdi.
Abraýly Halkara taslama bäsleşigine dünýäniň 15 döwletden 126 sany zehinli okuwçy gatnaşdy. Halkara taslama bäsleşiginde zehinli mekdep okuwçylarymyz Indoneziýa, Meksika, Malaýziýa, Gazagystan, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Günorta Afrika Respublikasy, Günorta Koreýa, Türkiýe, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri, Belarussiýa, Taýland, Bangladeş, Wýetnam ýaly döwletleriniň zehinli okuwçylary bilen öz aralarynda bäsleşdiler.
Halkara taslama bäsleşiginde zehinli mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Myratlyýew Kerimberdi “Novalorep web sahypasy” atly taslama iş bilen ýörite sylaga we altyn medala, 12-nji synp okuwçysy Mergenow Oguzhan “Atmosfera gözegçilikli ammary” atly taslama iş bilen, 11-nji synp okuwçysy Ödemyradow Rahmanberdi “E-ulag web sahypasy”, atly taslama iş bilen,10-njy synp okuwçysy Arslanow Aýhan “E-rent web sahypasy” atly taslama işi bilen kümüş medallara mynasyp bolmagy başardylar. Mekdep okuwçylarynyň bu gazanan üstünlikleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýunyň uludan toýlanylýan günlerine gabat gelmegi bolsa ajaýyp toý sowgady boldy.
Pursatdan peýdalanyp, ýaş nesilleriň Halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegine giň ýol açan, dünýä ülňülerine laýyk şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bäsleşige gatnaşan zehinli mekdep okuwçylarynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys!
Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda, eşretli zamanda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik maksatlary, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şeýle-de okaň: Türkmenportal