«Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi — parahatçylygyň belent owazy» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2025-01-13 | 448
«Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi — parahatçylygyň belent owazy» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Şu gün, 13-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi — parahatçylygyň belent owazy» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň çykyşlaryna giň orun berlip, Magtymguly dünýä, ahlak, ynsan, gözellik, söýgi hakyndaky gyzyldan gymmatly garaýyşlary bilen türkmen edebiýatyny, türkmen pelsepesini mazmun taýdan has-da baýlaşdyran hem-de kämilleşdiren akyldardygy nygtaldy.

Uniwersitetiň talyplary tarapyndan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» edebi-sazly kompozisiýa, şahyryň goşgularyna döredilen birnäçe aýdymlar ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary «Alkyş size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly aýdymlary aýtdylar.

Şeýle hem wagyz-nesihat çäresinde TDP-niň agzalygyna kabul edilen mugallymlara we talyplara agzalyk şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Wagyz-nesihat çäre bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň kitaplarynyň, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenmek bilen baglanyşykly ýazan monografiýalarynyň, okuw gollanmalarynyň, şonuň ýaly-da, talyplar tarapyndan taýýarlanyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini beýan edýän taslamalaryň sergisi guraldy.

Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti