Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

2025-01-13 | 532
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda “ICT start-up: durnukly ösüş üçin innowasion taslamalar” atly innowasiýa taslamalar boýunça bäsleşik geçiriler.

Bäsleşigiň 18-19-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Gatnaşyjylar 7 ugur boýunça ýaryşyp bilerler: Emeli aň, Robototehnika we awtomatizasiýa, Akylly oba hojalyk tehnologiýalary, Akylly şäher, Bilim we elektron okuw, Sanly saglygy goraýyş, Hyzmatlar pudagy.

Şeýle hem okaň: Turkmenportal