Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

2025-01-13 | 534
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

2025-nji ýyl Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimiz özüni äleme tanatdy. Halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk gelýän şygar bilen atlandyrmagy , ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da,  geljekki  bagtyýar ýaş nesillerimizi galkyndyrdy. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda we  dünýä döwletleriniň tejribesine  laýyklykda terbiýelemekde , ösüp kemala gelmeklerini gazanmakda bilim ulgamynyň işgärlerini tutanýerli zähmet çekmäge, Ata Watanymyzyň şanly ösüşlerine  mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” Ata-Watanymyzyň parahatçylygyň, agzybirligiň, ynanyşmagyň we abadançylygyň rowaçlyklarynyň ýyly bolsun! Ata Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda has hem belent sepgitlere ýetsin, güllesin we gül açsyn!

Ejegül Öwezowa

Aşgabat şäheriniň 78-nji çagalar bagynyň müdiri