TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT
Ýakynda Mary şäherindäki 36-njy orta mekdepde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “ Hakyda göwheri” atly täze kitabyny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak boýunça welaýatyň bilim işgärleriniň usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahata welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleri, halypa usulyýetçiler çagyryldy.
Usuly-amaly okuw maslahatyna Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymgyuly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna” atly medalynyň eýesi, halypa bilim işgäri, mirasgär Nurnazar Jumanazarow hem-de Türkmensitanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapargeldi Durdyýew dagy gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwda N.Jumanazarow, S.Durdyýew Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda ýurdumyzdaky taryhy-arheologik hem-de medeni ýadygärlikler baradaky maglumatlary ruhy mirasymyz bilen sazlaşykly utgaşdyryp beýan etmegiň täze gymmatly tapyndylary peýdalanyp taryhy edebiýaty täzeçe okatmak ösüp gelýän ýaş nesillerde milli mirasymyza buýsanç döretmek meseleleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda terbiýäniň 12 görnüşi barada giňişleýin beýan edilen maglumatlaryň “Hakyda göwheri” atly täze kitapda hem taryhy we ruhy gymmatlyklarymyz bilen baglanyşdyrylyp, anyk mysallara ýüzlenilip täsirli suratlandyrylýandygy barada durulyp geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy-arheologik ýadygärlikler şol ýadygärliklerden täze tapylan gymmatly tapyndylar, olaryň Watanymyzyň şöhratly taryhyny düýpli öwrenmekdäki ähmiýeti barada buýsançly sözler aýdyldy.
Myhmanlar usuly-amaly okuwyň dowamynda welaýatyň bilim işgärlerine ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgi, şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza buýsanç döretmekde alyp barýan gündelik işlerinde peýdalanmaklary üçin usuly maslahatlar berdiler. Şeýle hem bilim işgärleriniň özlerini gyzyklandyrýan köp sanly sowallaryna giňişleýin jogap berdiler.
Usuly-amaly okuwda welaýatyň bilim işgärleriniň birnäçesi çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren, işlemäge, okamaga, döretmäge ähli mümkinçilikleri döretýän, özleriniň ýiti zehininiň, çuňňur paýhasyndan kemal tapýan atalyk kitaplaryny sowgat berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli kärdeşleriniň adyndan alkyş aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň barha rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Şeýle hem olar usuly-amaly okuwda eden täsirli çykyşlary üçin hormatly myhmanlara sagbolsun aýdyp, olara işde we durmuşda üstünlik arzuw etdiler.
Annamyrat HOTJYÝEW,
Murgap etrap bilim bölüminiň hünärmeni