Uniwersitetiň Mugallymy Özbegistan Respublikasynda Iş Saparynda Boldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa 2024-nji ýylyň 15-nji dekabryndan 20-nji dekabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy.
С5+O.N.E. maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda dürli hünärler boýunça başlangyç we orta derejeli hünärmenleriň arasynda iňlis dilini ösdürmäge gönükdirilen özboluşly maksatnama bolup durýar. Bu maksatnama döwlet, jemgyýetçilik pudaklarynyň we hususy kärhanalarda işleýän hünärmenleriň arasynda iňlis dili arkaly aragatnaşygy ýola goýmak bolup durýar. Şeýle hem bu maksatnama Merkezi Aziýanyň hünarmenleriniň arasynda halkara aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, energiýa we daşky gurşawy goramak ulgamynda tejribe alyşmagyna uly goşant goşýar.
Bu maksatnamanyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen “Geljege bilelikde gadam basmak: Merkezi Aziýa we ABŞ – Energetika we daşky gurşawy goramak” atly sebitleýin okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahaty sebitiň durnukly ösüşi üçin meýilnamalaryň işlenip düzülmegine, halkara gatnaşyklaryň berkemegine uly goşant goşar.