Pyragynyň italýan dilindäki diwany
Aşgabatdan Rime ylham köprüsi
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine goşan uly goşandy bu günki gün giňden ykrar edilýär. Dana Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri köp dillerde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär. Şol terjimeler daşary ýurtly okyjylar üçin türkmen halkynyň beýik oglunyň şygyrlarynyň many-mazmunyna, filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär. Doglan gününiň üç asyrlyk senesiniň bellenilýän ýylynda söz ussadynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde-de neşir edildi. Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara hem Magtymgulynyň italýan dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmaga bagyşlandy.
Aslynda, soňky günlerde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi şeýle dabaraly çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýakynda bu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiri, Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki kitaby tanyşdyryldy. Bu gün bolsa okyjylar dana Pyragynyň Ýewropa medeniýetiniň sallançagy hasaplanýan, Leonardo da Winçi, Rafael Santi, Mikelanjelo, Françesko Petrarka, Jowanni Bokkaçço ýaly Gaýtadan döreýiş döwrüniň genilerini dünýä beren toprak bolan Italiýada terjime edilen goşgular ýygyndysy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, professor-mugallymlar, talyplardyr žurnalistler bu çärä gatnaşmak üçin bir ýere jemlendi.
— Firdöwsi, Rumy, Nyzamy, Fizuly, Rudaky, Nowaýy ýaly edebiýat äleminiň ägirtleriniň hatarynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragy bütin adamzat şahyrydyr. Onuň ýadygär galdyran şygyrlary, ýiti zehine, pähim-paýhasa eýlenen baý edebi-filosofik mirasy, giň hem-de çuň pikirleri asyrlar geçse-de, özboluşly ruhy gymmatlyk hökmünde döwletleridir halklary baglanyşdyrýar, adamlary parahatçylyga, dostluga çagyrýar. Beýik akyldaryň döredijiligini italýan jemgyýetçiliginde giňden wagyz etmek maksady bilen, onuň şygyrlary dört ýylyň dowamynda ilkinji gezek italýan diline terjime edildi. Bu asylly iş döwletimiziň Italiýadaky ilçihanasynyň, dostlukly ýurduň belli gündogarşynaslarynyň 12-siniň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ýakyndan ýardam bermeginde amala aşyryldy — diýip, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow aýdýar. Şanly ýylda okyjylara gowşan bu ýygyndy şahyryň goşgularynyň 130-syny özünde jemläp, ol Italiýanyň iň iri we meşhur neşirýaty bolan «L.E.G.O. S.p.A.» kompaniýasy tarapyndan çap edildi. «Şu ýylyň maýynda biz Aşgabatda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna şaýat bolduk. Onda Magtymgulynyň ajaýyp ýadygärligi bilen birlikde, dünýä ýurtlarynyň meşhur şahsyýetleriniň, şol sanda italýan halkynyň milli şahyry Dante Aligýeriniň hem heýkeline orun berlipdir. Belli edebiýat ägirtleriniň bu özara baglanyşygy dünýäniň medeni mirasyna goýulýan uly sarpadan nyşan bolup, ýurtda Magtymgulynyň arzuwlan dostluk, halklaryň arasynda birek-biregi hormatlamak ýaly asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işler wagtlaýyn ynanylan wekili Karmelo Leo öz çykyşynda türkmen diplomatynyň sözüniň üstüni ýetirdi.
Islendik döwletiň taryhy — onuň halkynyň heňňamlar aşyp geçen ýoly. Türkmen we italýan halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gözbaşynyň hem has irki döwürlerden başlanýandygy bize mälim. Baryp XIII asyrda ýaşan wenesiýaly syýahatçy Marko Polonyň türkmen topragynda dünýäde iň nepis halylaryň dokalýandygy hakynda aýdanlary taryhy çeşmelerde öz beýanyny tapýar. Akgoýunly türkmenleri Uzyn Hasanyň hökümdarlyk eden ýyllarynda (1453 — 1478ýý) Aziýa we Ýewropa döwletleri bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýupdyrlar. Sefewi türkmenleriniň hökümdarlary hem Wenesiýa, Genuýa, Neapol, Rim bilen diplomatik gatnaşyklary saklapdyrlar. Osmanly imperiýasy-da italýan döwletleri bilen harby-syýasy we diplomatik gatnaşyklarda bolupdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekow tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşyny geçmişiň şöhratly sahypalaryndan, ine, şeýle gyzykly maglumatlary mysal getirmekden başlady. — Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, 2023-2024-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri Russiýada, Özbegistanda, Täjigistanda, Wengriýada, Gruziýada, Hindistanda, Italiýada, Germaniýada, Beýik Britaniýada iş saparlarynda boldular. Şunlukda, Magtymguly Pyragynyň şol ýurtlaryň golýazma gaznalarynda, kitaphanalarynda saklanýan golýazmalarynyň, dürli kitaplaryň surat nusgalary, mikrofilmleri elektron görnüşde ýurdumyza alnyp gaýdyldy. Şu ýylyň aprel-maý aýlarynda bolsa Italiýanyň Rim, Milan, Wenesiýa şäherlerine iş saparlary guralyp, 60 sany golýazma nusgasy we gadymy kartalaryň suratlarynyň 10-sy Watanymyza getirildi — diýip, taryhçy alym şunda Italiýadaky ilçihanamyzyň tagallalaryna mynasyp ornuň degişlidigine aýratyn ünsi çekdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowanyň, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýewiň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlarynyň çykyşlaryna-da orun berildi. Rim halkara barlaglar uniwersitetiniň mugallymy I.Melkumýan bolsa wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdi. Çykyşlarda beýik Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň italýan dilinde neşir edilmeginiň türkmen-italýan dostlugynyň ajaýyp nyşanyna öwrülip, medeni-ynsanperwer ugurly özara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.
Häzirki wagtda italýan dili dünýäde öwrenilýän iň meşhur dilleriň ilkinji bäşligine girýär. Ýer ýüzüniň 70 milliondan gowrak ilaty 5 ýurtda resmi dil hasaplanýan bu owadan dilde gürleşýär. Indi italýan dilli okyjylar beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň eserlerini hem öz ene dilinde okap, söz ägirdiniň filosofiýasyna, şonuň bilen birlikde, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik aldylar. Biz hem milli şahyrymyzyň täze goşgular ýygyndysyny terjime we çap etmäge gatnaşanlaryň ählisine «Grazie mille!» diýip, alyp baran irginsiz işlerine çuňňur hormatymyzy beýan edýäris.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan»
28.12.2024ý №332
Çeşme: Türkmenmetbugat