Wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda Ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň we öz janyna kast etmeleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hem-de Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.