Önümiň hilini barlamak

2024-12-21 | 276
Önümiň hilini barlamak

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy yzygiderli ýagdaýda bazar ykdysadyýetine çykarmak, dürli pudaklarda hem-de ulgamlarda iň kämil tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara derejelerine we kadalaryna laýyk getirmek babatda öňe süren başlangyçlary öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň we maliýe-senagat toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatdaky işjeňliginiň we ençeme geljegi uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak baradaky gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna täze itergi berdi. Türkmenistan uly mukdardaky tebigy çig mal serişdelerine eýe. Olaryň biri hem pagtadyr. Türkmenistanyň öz hususy çig mal binýadynyň bolmagy, Watanymyzyň dokma senagatyny ýokary depginlerde ösdürmek üçin amatly şertler döredýär. Pagtaçylyk pudagy ýurdumyzyň oba hojalygynyň esasy üns berilýän, öňe tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gowaça ösümliginden alynýan önümler halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ulanylýar. Pagtadan, onuň süýüminden we çigidinden 200-e golaý görnüşli önüm öndürilýär. Şonuň üçin hem dokma pudagymyzyň esasy çig maly hem pagtadyr.

Dürli belgili nah ýüplüklere, çig nah matalara, trikotaž matalara we taýýar tikin önümlerine islegiň barha artmagy, bu önümleriň dünýä derejelerine laýyk gelýän ýokary hilliligi bilen şertlendirilendir. Durnukly ykdysady ýagdaýyň, amatly hukuk şertleriniň, çig mal binýadynyň, energiýa serişdeleriniň we ýokary hünärli hünärmenleriň bolmagy dokma pudagyna maýa goýumlaryň goýulmagyna ýardam etdi. Edebiýatda tebigat temasy gadymy döwürlerden beýan edilip gelinýär. Tebigat temasynyň işlenilişiniň taryhy köklerini, çeperçilik gymmatlyklaryny, ösüş ýagdaýlaryny, peýzaž lirikasynyň inçeligini açyp görkezmek, beýan edilýän tebigatyň durmuş hakykatyna gatnaşygyny ylmy esasda derňäp öwrenmek wajyp bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dokma senagaty milli ykdysadyýetiň iň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. «Önümiň hilini barlamak» atly okuw kitaby dokma senagaty boýunça taýýarlanýan hünärmenler, mugallymlar, talyplar, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti