TÜRKMENISTAN BILEN MALAYZIÝANYŇ BILIM UGURYNDAKY HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI: BILIM ULGAMY ÜÇIN TÄZE MÜMKINÇILIKLER
Malayziýa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Türkmenistanyň iň uly hyzmatdaşlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy we şo wagtdan bäri olaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Üç onýyllygyň dowamynda ykdysadyýet, bilim, ylym we medeniýet ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy.
Türkmenistanyň we Malayziýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy özara hormata we umumy bähbitlere esaslanýan iki taraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu hyzmatdaşlyk akademiki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna we Türkmenistanyň bilim ulgamyna halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.
Hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän resminamalaryň hatarynda 2014-nji ýylda gol çekilen ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama, şeýle hem Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Malayziýanyň PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda baglaşylan şertnamalar bar. Bu resminamalar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamalaryny guramaga, hünär okuwlaryny we ylmy çäreleri amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.
2023–2024-nji ýyllarda birnäçe möhüm başlangyçlar durmuşa geçirildi:
Bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň bilim ulgamy üçin strategik ähmiýeti bar. Ol häzirki zaman okatmak usullaryna elýeterliligi açýar, innowasion tehnologiýalaryň we standartlaryň ornaşdyrylmagyna itergi berýär, şeýle hem ýurduň esasy ykdysady pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär. Bilelikdäki bilim taslamalary ylmy-barlag işleriniň ösmegini höweslendirip, milli bilim ulgamyny dünýä bilim giňişligine goşýar.
Häzirki wagtda Malayziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 200-den gowrak türkmen talyplary bilim alýar, bu bolsa öz gezeginde halkara derejesinde bilim almaga bolan ýokary gyzyklanmany görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýa amala aşyrýan resmi sapary bilen iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga bolan islegini tassyklaýar. Bu sapar, Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňki ýyllarda binýadyny goýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyrylmagynda möhüm tapgyr bolar.
Saparyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýokary derejeli gepleşikler hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we Türkmenistanyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi üçin şert döredýär.
Malayziýa bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, tejribe alyş-çalşygy we ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin hünärmenleriň taýýarlanmagy ugurlarynda täze mümkinçilikleri açýar. Malaýziýanyň uly senagat we tehnologik kuwwatyny göz öňünde tutup, bu hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyran sapary, myhmansöýerlik bilen garşy alynmagy we netijeli gepleşikleriň geçirilmegi, özara hormat, ynam we strategiki hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrýar.