Okuw maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ne “Himiýa we himiýa tehnologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen “Bitewi suw” sammitinde eden çykyşyndan ugur alyp, Durnukly ösüşiň altynjy “Arassa suw we arassaçylyk” maksady boýunça “Durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk” atly okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn gatnaşyp, “Durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen hyzmatdaşlyk”, “”Bitewi suw” sammiti – ekologik abadançylygy berkitmekde möhüm ädim”, “Türkmenistanda suw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler”, Suwdan rejeli peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” ýaly temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.