Ylmy-usuly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň gurnamagynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan çärelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilleri mugallymlarynyň arasynda “Daşary ýurt dillerini hünär ugrundan okatmakda dünýä tejribesinden peýdalanmak” atly onlaýn ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Ylmy-usuly maslahata M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde dünýä tejribesinden peýdalanmak boýunça öz iş tejribelerinden mysallar getirmek arkaly beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet Energetika instituty