Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar

2024-12-18 | 217
Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri we kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar

Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, jemgyýetimiziň ösüş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ylym-bilim ulgamy berk binýat bolup hyzmat edýär. Döwlet syýasatyna laýyklykda, ylym-bilimiň soňky gazananlarynyň okuw we ylym işlerine ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, ylma we döredijilige ugrukmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ylym-bilimli, ýokary hünärli, giň dünýägaraýyşly nesiller hökmünde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri, geljege gönükdirilen taslamalary amala aşyrmakda zehinli ýaşlar esasy güýje öwrülýär. Ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda, ilkinji nobatda, ýokary derejeli hünärmenleri we alymlary taýýarlamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak babatda işler yzygiderli dowam etdirilýär.

2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň baş binasynda “Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” Türkmen tarapyndan hem-de “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy tarapyndan gol çekildi.

Bu Ähtnama taraplaryň arasyndaky ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, uniwersitetde daşary ýurtlaryň abraýly uniwersitetleri, halkara guramalary we kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda giňden hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar.

Hususanda şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, uniwersitetiň talyplary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler.

Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, daşary ýurt kompaniýalarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň awgust aýynyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini we hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler.

Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetinde geçirilen önümçilik tejribeligi talyplarda uly täsir galdyrdy. Önümçilik tejribeligi olaryň nazaryýetde alan bilimlerini daşary ýurt tejribesi bilen baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli boldy.

Uniwersitetiň mugallymlary Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Şeýle hem, mugallymlar bu ýokary okuw mekdebinde okuw-usulyýet işleriniň gurnalyşy, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň düzülişi, ýerine ýetirilişi, ylmy-barlag işleriň alnyp barlyşy, ylmy-barlag işleri geçirilýän tejribehanalar we talyplaryň ylmy-barlag işlerine çekilişi hem-de sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy bilen giňden tanyşdylar.

2024-nji ýylyň 11-15-nji noýabry aralygynda Malaýziýanyň Petronas tehnologik uniwersitetiniň Hünär bilimi we hünär ýokarlandyryş merkeziniň 4 sany professor-mugallymlary uniwersitete gelip umumy okuwlarynyň 4-sini geçdiler.

Okuwlara uniwersitetiň jemi 80 talyby we 20 sany ýaş mugallymlary gatnaşdylar. Okuwlara gatnaşan mugallymlara halkara nusgasyndaky şahadatnamalar gowşuryldy.

Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmenistanyň Bilim ministirligi