Hytaý Halk Respublikasynda hünär bilim edaralarynyň tejribesini öwrenmek boýunça okuw saparynyň çäklerinde

2024-12-14 | 190
Hytaý Halk Respublikasynda hünär bilim edaralarynyň 
tejribesini öwrenmek boýunça okuw saparynyň çäklerinde

Öň habar berilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasynda 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 9-13-i aralygynda Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýada Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň orta hünär biliminiň işgärleri üçin tejribeleri öwrenmek maksady bilen, geçirilýän toplumlaýyn okuwlara we duşuşyklara Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Infokommunikasiýa hünär-tehniki okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Şeýlelik-de, Hytaý Halk Respublikasynyň Guansi-Çžuan awtonom welaýatynyň Nanning şäherinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleri (kollejleri) bilen tanyşmak çäreleri tamamlanandan soňra, bu awtonom welaýatynyň Luçžou şäherinde ýerleşýän bilim we önümçilik edaralarynyň işleri bilen tanyşmak duşuşyklary dowam etdirildi.

Hususan-da, Luçžou şäheriniň Demirýol hünär-tehniki okuw mekdebiniň özboluşly aýratynlyklary, önümçilik pudagy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy, Guansi-Çžuan awtonom welaýatynda “Nanning Rail Transit Group Co., Ltd” ýaly iri kärhanalar bilen bilelikde demirýol pudagynyň ýaş hünärmenler bilen üpjünçiligi we hünär kämilleşdiriş okuwlaryny yzygider guramagyň şertleri, inžener-tehniki işgärler bilen bilelikde okuw sapaklaryny geçirilişi, demir ýollary gurmagyň we abatlamagyň usullary hem-de tejribeleri bilen giňişleýin tanyşyldy. Soňra Luçžou şäherinde ýerleşýän “Guangxi Automobile Group” we “SAIC-GM-Wuling” ýaly iri awtomobil zawodynyň taryhy, önümçilik kuwwaty, ulanylýan tehnologiýalary we başga-da birnäçe ulag-aragatnaşyk ulgamynda döredilen mümkinçilikleri hem-de tejribeleri barada maslahatlar geçirildi.

Soňra bolsa Luçžou şäheriniň Poltehniki uniwersitetiniň we onuň ýanynda hereket edýän orta hünär okuw mekdebiniň işleri bilen tanyşdyryldy. Onda senagatyň önümçilik kärhanalary we tehnologik enjamlaryny abatlamak boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň, olary okatmagyň döwrebap usullarynyň görnüşleri hem-de alnyp barylýan ylmy-taslama işleri öwrenildi.

Okuw saparyň ahyrynda Guansi-Çžuan awtonom welaýatynyň Guilin şäheriniň ajaýyp tebigatynyň we medeni-taryhy ýadygärlikleriniň özboluşlylygyny açyp görkezmek arkaly dünýäniň ähli künjekleriniň syýahatçylyk pudagynda  hyzmat etmek üçin Guilin syýahatçylyk uniwersitetinde ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşy barada giňişleýin tanyşdyryşlar gurnaldy. Döwlet we halkara derejesinde “Shandong Inspur Group” we “Ecole Hoteliere de Lausanne” ýaly iri kompaniýalary Guilin syýahatçylyk uniwersiteti bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde toplumlaýyn tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri, gazanan üstünlikleri, pudagy ösdürmekde we dolandyrmakda peýdalanylan VR, AR, Big Data we emeli-aň tehnologiýalaryň görnüşleri barada aýratyn nygtaldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden ýaşlaryň syýahatçylyk, myhmanhana, iýmit önümleriniň tehnologiýalary boýunça we başga-da birnäçe hünärlere laýyklykda bilim alýandyklaryny uniwersitetiň ýolbaşçylary buýsanç bilen bellediler.