Uly mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi.

2023-03-13 | 136
Uly  mejlisler  zalynda  hoşallyk  maslahaty  geçirildi.

2023-nji ýylyň 13-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymynyň ýaňlanmagy hem-de bu aýdymyň goşgusynyň metbugatda çap edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza «Ýaşlara gutlag» goşgusy üçin ýüreklerinden çykýan buýsançlaryny beýan etdiler.