Nurýagdy Suwhanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory

2024-12-14 | 148
Nurýagdy Suwhanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory

Hormatly Prezidentimiziň we Milli Lidermiziň tagallalary bilen türkmeniň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bellenýän döwründe, beýik akyldaryň türkmen halkyna we adamzada goýup giden egsilmez ruhy mirasyny özleşdirmek bilen baglanyşykly örän ähmiýetli işler edildi. Bu işler Magtymgulyny beýgeldip türkmen halkyny hem beýgeldýär. Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna”. Bu hem biziň halkymyzyň, biziň her birimiziň öňümizde täze-täze wezipeleri öňe sürýär.

“Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Kanunyň 5-nji maddasynda: “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň bilim edaralarynda öwrenilmegini gazanmak” barada talaplar öňe sürülen. Şol talaplardan ugur alyp Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebir we gaz uniwersitetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň professor-mugallymlary tarapyndan beýik akyldaryň medeni mirasyny geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen belli bir işler alnyp barylýar. Biziň bu işimiz bu gün ýokary baha eýe boldy.

Biz Hormatly Prezidentimize we Milli Lidermize ylymly-bilimli ýaş nesli ýetişdirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerine köp sag bolsun aýdýarys. Biz hem bu beýik işe, şol sanda Magtymguly şahyryň filosofiki mirasy esasynda geljekki hünärmenleriň filosofiki medeniýetini taplamaklyk üçin bilimimizi we yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyza söz berýäris.