Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024-nji ýylda “UI GreenMetric World University” sanawynda öňe saýlandy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak we dikeltmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatynda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowarlary geçirilip, millionlarça düýp agaç nahallary oturdylýar we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly goldawa eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge çalyşýar we durmuş, ykdysady we ekologiýa taýdan tutuş dünýä boýunça durnukly ösüşe gönükdirilen daşky gurşawy goramak hem-de tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak babatda halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň birnäçesine gatnaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek, tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak ýaly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Bu meseleleri çözmek boýunça ylmy barlag işleri hem alnyp barylýar. Uniwersitetde bu babatda alnyp barylýan işler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem dünýäde ýokary bahalara mynasyp bolýar. Munuň şeýledigine uniwersitetiň “UI GreenMetric World University” sanawyndaky üstünligi hem şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ekologiýa, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden tygşytly peýdalanmak ýaly ugurlarda alyp barýan işlerini bahalandyrýan “UI GreenMetric World University” sanawynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti geçen ýyldaky görkezijiden 104 orun öňe saýlanyp, 328-nji orny eýeledi. Sanawda uniwersitetiň jemi gazanan baly 7400-e deň bolup, ugurlar boýunça aşakdaky görnüşde boldy:
- Gurluşyk we infrastruktura: 1200 bal
- Energetika we howanyň üýtgemegine garşy göreş: 1475 bal
- Galyndylary dolandyrmak: 1125 bal
- Suw serişdelerini dolandyrmak: 750 bal
- Ekologik taýdan arassa ulaglar: 1475 bal
- Bilim we ylmy barlaglar: 1375 bal
Bu üstünlik Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerde-de, döwlet derejesinde-de ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda ylmy we bilimi ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.