Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlar dowam etdirilýär

2024-12-13 | 324
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan okuwlar dowam etdirilýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň «Halkara okuw sapary» (IVLP) çäklerinde guralýan «Ýokary okuw mekdeplerini dolandyrmak: hyzmatdaşlyk we täjirleşdirmek» atly okuwlaryň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ohio ştatynyň Akron uniwersitetiniň Inženerçilik we polimer ylymlary kollejinde guralan okuwlara gatnaşdylar. Oňa kollejden Obern ylmy-inženerçilik merkeziniň mehanika inženerligi kafedrasynyň dosenti KT Tan hem-de kollejiň ylmy-barlag we önümçilik gatnaşyklary boýunça dekanynyň orunbasary, mehanika we biolukmancylyk inženerligi kafedrasynyň professory Ajaý Mahajan gatnaşdylar.

Duşuşykda Akron uniwersitetiniň bäş transfer merkezi, hususan-da Materiallary öwreniş çygrynda öňdebaryjy tehnologiýalar merkeziniň (Center for Advanced Materials Performance, CAMP) esasy iş ugurlary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Merkeziň täze materiallary we tehnologiýalary işläp taýýarlamaga we öwrenmäge ýöriteleşen ylmy-barlag merkezdigi, «Good year», «Bridgestone» ýaly abraýly kompaniýalaryň 20-ä golaýy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy, onuň dürli pudaklarda, ýagny aerokosmosdan başlap lukmançylyga çenli pudaklarda ulanmaga niýetlenen özboluşly aýratynlyklary bolan materiallary oýlap tapmak üçin iň täze ylmy-barlaglary amala aşyrýandygy, önümçilik, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygy, talyplaryň hem-de professor-mugallymlaryň ylmy-barlag işleriniň netijesinde birnäçe kärhanalaryň döredilendigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda depeleri Hökümet, ýokary hünär bilimi edaralary we önümçilik bolan üçburçlugyň ýokary okuw mekdepleri bilen önümçiligi birleşdirýän tarapynyň sazlaşykly işlän halatynda üstünligi gazanmagyň mümkinçiliginiň has-da artjakdygy aýratyn bellenip geçildi.

Soňra türkmen wekiliýeti Materiallary öwreniş çygrynda öňdebaryjy tehnologiýalar merkeziniň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan barlaghanalarynyň, has takygy, täze nanogurluş, özboluşly aýratynlyklary bolan materiallary (mysal üçin, super geçirijiler, ultra-ýeňil materiallar, kämilleşen örtükler) döretmek üçin ylmy-barlaglary geçirmäge niýetlenen Nanomateriallar we nanotehnologiýalar barlaghanasynyň, durnukly ösüşe we alternatiw energiýa çeşmelerine gönükdirilen batareýalar, ýangyç öýjükleri we tehnologiýalary üçin täze materiallary işläp düzmäge niýetlenen Energiýa materiallary barlaghanasynyň, gurluşyk, ulag we howa ýollary pudaklary üçin täze kompozitleri ösdürmäge niýetlenen ylmy-barlaglary geçirmek üçin kompozit materiallar we gurluşlar barlaghanasynyň, güýç, poslama garşylyk, ýylylyk geçirijiligi we beýleki parametrleri barlamaga gönükdirilen ylmy-barlaglary geçirmek üçin Materiallaryň häsiýetleri we synagy barlaghanasynyň işleri bilen ýakyndan tanyşdyryldy.

Günüň ikinji ýarymynda duşuşyklar kiberhowpsuzlyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen umumybilim berýän orta mekdepde dowam etdirildi. Duşuşyga amerikan tarapyndan Aurora şäheriniň ykdysady ösüşi boýunça direktory, Akronyň global aragatnaşyklar boýunça Geňeşiniň prezidenti hanym Holly Harris Bane, mekdebiň okuw işleri boýunça müdiriniň orunbasarynyň kömekçisi jenap Paul Milcetich hem-de mekdebiň kiberhowpsuzlyk boýunça mugallymy jenap Nick Kukarola gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda umumybilim berýän orta mekdebiň kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilmeginiň esasy sebäpleri açylyp görkezildi, ýagny mekdepde hereket edýän kiberhowpsuzlyk boýunça bilim maksatnamasynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sargytlary esasynda açylandygy, muňa bilim edaralarynyň önümçilik bilen berk arabaglanyşygynyň mysaly hökmünde garamagyň mümkindigine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ýöriteleşdirilen okuw dersleriniň 10-12-nji synp okuwçylary bilen alnyp barylýandygy, häzirki wagtda bu ugur boýunça 60 okuwçynyň okaýandygy, okuw meýilnamasynyň ýönekeýden çylşyrymla tarap yzygiderlilikde düzülendigi, onuň 3 bölekden ybaratdygy, okuw ýylynyň dowamynda 1-nji bölekde (ParadigmCyber 1) 12, 2-nji bölekde (ParadigmCyber 2) 10 bölümiň, 3-nji bölekde (ParadigmCyber 3) 3 modulyň özleşdirilýändigi barada maglumat berildi.

Soňra mekdebiň müdiri jenap Mike Hayes mekdebiň okuw işi, okuw otaglary, şeýle hem sport we medeniýet toplumlary bilen içgin tanyşdyrdy.