Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilýän《МЫВМЕСТЕ 》halkara forumyna gatnaşýar.

2024-12-07 | 269
Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilýän《МЫВМЕСТЕ 》halkara forumyna gatnaşýar.

2024-nji ýylyñ 4-8-nji dekabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlaryñ işi boýunça federal agentliginiň çakylyk haty esasynda türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyñ Moskwa şäherine iş saparyny amala aşyrýar.

Meýletinçilik işi boýunça geçirilýän bu halkara foruma Türkmenistanyñ Bilim ministrliginden, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ Merkezi geñeşinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden wekiller gatnaşýar.

Forumyñ esasy maksady adamlara netijeli goldaw bermek üçin döwlet, işewür we raýat jemgyýeti gatlaklarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy guramakdan ybaratdyr. Forumyň barşynda geçirilen çäreleriň dowamynda Halkara meýletinçiler güni mynasybetli aýratyn tapawutlanan meýletinçiler《МЫВМЕСТЕ 》halkara baýragy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Şeýle hem, meýletinçilik boýunça birnäçe işleri alyp barýan halkara we ýerli guramalaryñ, meýletinçilik merkezleriniñ sergisi ýaýbañlandyryldy, olaryñ öñdebaryjy taslamalary tanyşdyryldy we meýletinçilik işi boýunça möhüm temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyñ üçünji güni çärä gatnaşyjylar "Moskwanyñ ýaşlary" merkeziniñ işi bilen tanyşdyryldy hem-de olar üçin medeni çäreler guraldy.  Ýaşlaryñ arasynda meýletinçilik hereketleriniñ has-da ösdürilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ esasy maksatlarynyñ biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyñ ýaş meýletinçileri ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän forumlara hem-de ylmy-amaly maslahatlara yzygiderli gatnaşmak bilen, öz işjeñliklerini görkezýärler. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ýaşlar syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyñ Bilim ministrligi