Halkara ykdysadyýet olimpiadasy geçirildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 21-23-i aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň internet arkaly gatnaşmagynda 1-nji Halkara ykdysadyýet olimpiadasyny geçirdi.
Olimpiada ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden 349 talyp we 9 sany daşary ýurtdan, ýagny Bolgariýa Respublikasyndan, Kambodja Patyşalygyndan, Kipr Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Päkistan Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan we Russiýa Federasiýasyndan jemi 46 ýokary okuw mekdebinden 396 sany talyp gatnaşdy.
Türkmen talyplary bu halkara olimpiadada ýokary netijeleri görkezip 31 sany altyn medaly, 126 sany kümüş medaly we 120 sany bürünç medaly gazanmagy başardy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti