Binagärligiň esaslary

2024-12-07 | 430
Binagärligiň esaslary

Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitabynda nebitgaz, himiýa we energetika pudaklary üçin niýetlenilen zawodlaryň, fabrikleriň, senagat önümçilik kärhanalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleriniň we prosesleriniň ýerine ýetirilmeginde ulanylýan tehniki serişdeleri barada derwaýys ylmy tehniki we nazary maglumatlar beýan edilendir.

Bu okuw kitaby esasan-hem tehniki ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna “Binagärligiň esaslary” dersini öwretmek üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da senagat gurluşygy we geodeziýa ugry boýunça okuw-ylmy we taslama işleri alyp barýan inžener-gurluşykçylar, inžener- mehanikler, talyplar, aspirantlar we önümçilik-hünärmenler hem bu kitapdan peýdalanyp bilerler.

Halkara nebit we gaz uniwersiteti