“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň bölümçesi

2024-10-11 | 162
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatyň bölümçesi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly ylmy maslahatynyň bölümçesi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýerli we daşary ýurtly mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän daşary ýurtly mugallymlar ýurdumyzyň talyp ýaşlaryna daşary ýurt dillerini öwretmekde hersi öz okadyş usulyýeti, olaryň arasyndan haýsynyň has ähmiýetlidigini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Çykyş edenleriň hem belleýşi ýaly, Bilim ulgamy baky bagtyýarlygyň binýady. Şu nukdaýnazardan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda biziň ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmaga saldamly goşandyny goşýan, ata Watana wepaly, syýasy taýdan düşünjeli, bilim we hünär taýdan kämil ýaş nesiller hem aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. 

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirip, ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar. Bilimiň hem tehnologiýalaryň intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygynyň täze eýýamynda bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine ýetmegi ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyn aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti