Täsirli geçen ylmy maslahat
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara ylmy maslahatynyň “Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar” atly XII bölüminiň işi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Bölümçäniň esasy temasy ylym-bilim ulgamlaryndaky beýik özgertmeler hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylyşy we bu ugurda alnyp barylýan ylmy işler barada boldy. Bölümiň işinde jemi 85 çykyş meýilleşdirilen. Bölümde Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Ýaponiýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Italiýadan, Latwiýa Respublikasyndan, Gyrgyzystan Respublikasyndan gelen, şeýle hem türkmen alymlaryň we professor-mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda, esasan, milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirilişi, bu babatda dünýä tejibesiniň öwrenilişi, innowasion tehnologiýalarynyň häzirki zaman bilimiň ösüşine edýän täsiri, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk, ynsanperwer ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda dünä ýurtlarynyň alymlarynyň ylmy aragatnaşygyny has-da işjeňleşdirmeklige, tejribeleri alyşmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan Alfinur Galiakberowanyň, Inga Korýaginanyň, Žamilýa Galagudinanyň, Konstantin Kemaýewiň, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Fantoni Marçellonyň, Ýaponiýadan Masaşi Suzukiniň, Latwiýa Respublikasyndan Baýba Raminanyň we türkmen alymlaryndan Jumanazar Işangulyýewiň, Bahar Hojagulyýewanyň, Gurbanjemal Nuryýewanyň, Selbi Baýmyradowanyň, Sähragül Myradowanyň, Gülälek Myradowanyň, Baýram Garahanowyň, Ogulsapar Rejepgulyýewanyň, Aýna Niýazgulyýewanyň, Joşgun Annamyradowyň, Patma Gökbaýewanyň we beýlekileriň çykyşlarynynyň has-da netijeli bolandygyny bellemek bolar.
Halkara ylmy maslahatynyň “Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar” atly XII bölümine gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary esasynda we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda ýetilen sepgitleri öwrenmäk hem-de bu ugurlarda özgerişleriň durmuşa geçirilişinde tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilige eýe boldular.
Maslahatyň XII bölümine gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine hem-de oňa gatnaşmaga döreden ähli mümkinçilikleri üçin hoşallyklaryny bildirdiler. Maslahatyň bölümine gatnaşyjylar saglygy goraýyş, bilim we sport babatdaky hyzmatdaşlygy, ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmekde we tejribe alyşmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň çuňňur Hormatlanýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa sagbolsunlaryny aýtdylar we alyp barýan halkara ähmiýetli, umumyadamzat bähbitli işlerinde rowaçlygy arzuw etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti